Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.

183104
Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Russiýanyň iri sebiti bilen üstünlikli ösýän gatnaşyklarynyň dowamydyr. Bu sebit soňky ýyllarda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-ynsanperwer babatda ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşyna öwrüldi.


Yzygiderli häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýän däp bolan medeni gatnaşyklary giňeltmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýarlar. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň medeniýet işgärleri tarapyndan guralýan döredijilik forumlary hem-de beýleki bilelikdäki çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çäreler doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň özboluşly köprüsi bolup durýar.


Sungat ulgamynda gatnaşyklaryň çäklerinde tatarystanly döredijilik toparlary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara festiwallaryna we Aşgabatda guralýan beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşýarlar. Türkmen artistleri bolsa Kazanyň esaslandyrylmagynyň 1000 ýyllyk baýramçylygyna gabatlanyp guralan türki halklaryň “Nowruz” halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar, türkmen atlylary Kazan şäherinde geçirilen “Sabantuý” tatar halk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralarda ýörite şüweleňli maksatnama bilen çykyş etdiler. Bu çäreleriň hatarynda şu ýylyň aprel aýynda geçirilen Tatarystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini hem görkezmek bolar. Bu giň gerimli çäräniň çäklerinde dostlukly ýurduň medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgamlarynyň wekilleriniň 200-e golaýy Aşgabada geldi. Munuň özi göni aragatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga hem-de kärdeşleriň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etdi.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Tatarystanda geçirilen dabaralar, nusgawy şahyryň eserleriniň tatar dilinde neşir edilmegi tatar halkynyň türkmen halkynyň ruhy mirasyna, onuň gadymy we baý medeniýetine çuňňur hormat we sarpa goýýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, umumymilli baýramçylygyň—Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda beýik şahyryň goşgularynyň tatar dilinde neşir edilen ýygyndysynyň tanyşdyryşy boldy.

“Türkmen we tatar halklary şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, däp-dessurlary, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň has-da baýlaşmagyna goşant goşan halklar hökmünde giňden tanalýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýäp. Şunuň bilen baglylykda, Kazanyň 2014-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagtynyň derejesine eýedigini bellemelidiris. “Türksoý” halkara guramasynyň çözgüdi boýunça ol 2015-nji ýylda bu derejäni Türkmenistanyň Mary şäherine geçirýär.

Iri saz teatrlarynyň biri bolan Musa Jalil adyndaky Akademiki döwlet opera we balet teatrynda şu gün Russiýada bellenilýän Halk bitewülik güni mynasybetli dabara boldy. Oňa Tatarystan Respublikasynyň hökümetiniň agzalary, bu ýerde işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşýan hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti hem bar. Türkmen artistlerine baýramçylyk konsertinde çykyş etmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi. Olar Kazanyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ajaýyp çykyşy—gadymy we özboluşly milli “küştdepdi” tansyny sowgat berdiler.

Agşam şol teatrda Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Kazana geldi. Wekiliýetiň düzüminde Medeniýet ministrliginiň, teatrlaryň, muzeýleriň, medeni merkezleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bar. Oňa meşhur medeniýet işgärleri, halk ýazyjylary we artistler, şeýle hem sungat älemine gadam basýan milli medeniýetiň ýaş wekilleri girdiler. Kazanda wekilçilik edýän türkmen döredijilik toparlarynyň arasynda meşhur “Meňli” we “Dagdan” tans toparlary bar.

Teatr zalyna örän köp adamyň ýygnanmagy dostlukly Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerine uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýere dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, türkmen sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň, hökümetiniň agzalarynyň we ähli tatar halkynyň adyndan döredijilik çäresine gatnaşyjylary Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministri A.Sibagatullin mübärekledi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Tatarystan Respublikasynyň medeni durmuşynda aýdyň waka boljakdygyna ynam bildirdi. Ministr iki ýurduň Liderlerine bu döredijilik çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen mümkinçilik, tatar halkynyň türkmen halkynyň özboluşly we täsin sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Tatarystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda doganlyk halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, medeni gatnaşyklaryň giňelmeginde döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Şu dostlukly döredijilik baýramçylygynyň iki halkyň gatnaşyklarynda aýdyň sahypa, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mynasyp goşant boljakdygy bellenildi.

Bu çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, uly konsert boldy. Türkmenistanyň sungat ussatlary özleriniň Kazandaky çykyşlarynyň maksatnamasyna dünýäniň we türkmen nusgawy sazynyň eserlerini goşdular. Meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy. Türkmen bagşylarynyň çykyşlary hem konsert maksatnamasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Tomaşaçylar bagşylaryň Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda döredilen aýdymlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

“Meňli” tans toparynyň hem-de “Dagdan” folklor-tans toparynyň çykyşlary hem tomaşaçylary haýran galdyrdy. Olar ýokary ussatlyk derejesinde türkmen halkynyň gadymy milli däplerini, aýdym-saz we tans medeniýetini görkezmegi başardylar. Konsertiň maksatnamasyna folklor çykyşlary, ajaýyp aýdym-saz çykyşlary hem girizildi.

Konsertiň ahyrynda teatryň sahnasynda ýene-de gadymdan gelýän “küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi. Bu tans tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dostluk we döredijilik baýramçylygynyň ahyrynda “Türkmenistan” atly watançylyk aýdymy ýaňlandy. Tomaşaçylar türkmen artistleriniň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyna, ajaýyp zehinine şowhunly el çarpyşmalary we gül desseleri bilen baha berdiler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge, doganlyk tatar halkyny ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen dürli çärelere baýdyr.

Ertir “Hazine” sergi köşgünde türkmen sergisiniň açylyşy bolar. Sergide muzeý gymmatlyklary, türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary görkeziler. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginde geçiriljek duşuşygynyň barşynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Tatarystanyň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hem-de ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň döredijilik duşuşygy geçiriler.

Türkmen wekiliýeti üçin giň möçberli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnamanyň çäklerinde biziň wekillerimiz Kazanyň taryhy ýerleri, Milli muzeýiň gymmatlyklary hem-de Tatarystanyň paýtagtynyň beýleki medeni merkezleri bilen tanşar.
(TDH) (Surat Tatarystanyň Medeniýet ministrliginiň saýtyndan alyndy)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar