Prezident Erdogan Türkmenistana gitdi

Geçiriljek özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar

182847
Prezident Erdogan Türkmenistana gitdi

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkmenistana gitdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Erdogany Oguzhan köşgünde resmi dabara bilen garşylar.
Garşylama dabarasyndan soň geçiriljek özara we toparara gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Erdogan Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň gubyryny hem zyýarat eder
Erdogan soň bolsa Garaşsyzlyk ýadigärligine gül desselerini goýar.
2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin gurulýan Olimpiada obasyna hem baryp görjek Prezident R. T. Erdogan Magtymguly uniwersitetinde hem çykyş eder.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar