Russiýa goýlan embargo Gyrgyzystana ýaramaz täsirini ýetirdi

Russiýadaky oňaýsyz ýagdaý gyrgyz somynyň hümmetini ýitirmegine sebäp bolýar

176563
Russiýa goýlan embargo Gyrgyzystana ýaramaz täsirini ýetirdi

Russiýa goýlan embargo Gyrgyz Respublikasyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Günbatarly ýurtlaryň Russiýa ykdysady taýdan goýan embargolary Ýewraziýa Gümrük bileleşigine agzalyk üçin taýarlyk görýän Gyrgyz Respublikasyna ýaramaz täsirini ýetirýär.
Embargolar sebäpli rublyň hümmetini ýitirmegi Gyrgyz Respublikasyna ýaramaz täsirini ýetirýär.
Gyrgyzystanyň daşary söwdasynda ilkinji orny eýeleýän Russiýadaky oňaýsyz ýagdaý, gyrgyz somynyň hümmetini ýitirmegine we infilýasynyň artmagyna sebäp bolýar.
Hökümet 2014-nji ýyl üçin 8 göterim hökmünde göz öňünde tutulan infilýasynyň 10,6 göterime çenli artandygyny habar berdi.
Russiýanyň Gyrgyzystan üçin ykdysady taýdan esasy hyzmatdaşdygyny ýatladan Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary Nurbek Jenis, Russiýadaky ykdysady görkezijileriň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsirini ýetirýändigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar