DKTR-nyň adyndan gepleşikleri Ergün Olgun alyp barar

Erogly DKTR-nyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Kudret Özersaýyň wezipesinden boşadylmagyndan soň ýerine Ergün Olguny belledi

153224
DKTR-nyň adyndan gepleşikleri Ergün Olgun alyp barar

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň adyndan gepleşikleri Ergün Olgun alyp barar.
DKTR-nyň Prezidenti Derwiş Erogly DKTR-nyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Kudret Özersaýyň wezipesinden boşadylmagyndan soň ýerine Ergün Olguny belledi.
Ergün Olgun gepleşik etaby bilen ýakyndan gyzyklanýan ýolbaşçylardan biri.
1993-nji ýylda DKTR-nyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaş tarapyndan Prezident gullugynyň syýasy geňeşçisi hökmünde bellendi.
1998-nji ýylda bolsa Prezidentiň kömeçisi hökmünde bellenen we 2005-nji ýyla çenli gepleşik etabynda uly rol oýnan Olgun Annan meýilnamasy etabynda hem toparyň utgaşdyryjylygyny ýerine ýetirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar