Daşkent syýahatçylyk ýarmarkasy açyldy

Türkiýe ýarmarka abraýly myhman hökmünde gatnaşýar

149892
Daşkent syýahatçylyk ýarmarkasy açyldy

Özbegistanda 20-njy Daşkent ýarmarkasy açyldy.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyń goldaw bermeginde Özbegistanyń syýahatçylyk edarasy tarapyndan geçirilýän ýarmarka uly gyzyklanma görkezilýär.
Türkiýe ýarmarka abraýly myhman hökmünde gatnaşýar.
Ýarmarka İspaniýa, İtaliýa, Çeh Respublikasy, Eýran, Müsür, Malaýziýa we Birleşen Arap Emirlikleri bilen birlikde 30-a golaý ýurtdan syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan firmalar gatnaşýar.
Türkiýe ýarmarka 11-nji gezek gatnaşýar.
Ýarmarka gatnaşýan Türkiýäniń Medeniýet we syýahatçylyk ministriniń orunbasary Abdurrahman Aryjy Özbegistanyń syýahatçylar üçin wiza ýeńilligini döretmegi we uçar saparlarynyń sanynyń köpelmegi bilen Özbegistana geljek türk syýahatçylarynyń sanynyń köpeljekdigini belledi.
Türk Howa Ýollarynyń Daşkentdäki wekili Oktaý Haýrat hem sońky iki ýylda Özbegistana gelen syýahatçylaryń sanynyń köpelendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar