Uýgur Awtanomiýasynda bolan partlamalarda 50 adam ýogaldy

Partlamalarda 54 adamyň hem ýaralandygy bellenildi

140324
Uýgur Awtanomiýasynda bolan partlamalarda 50 adam ýogaldy

Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda ýekşenbe güni bolan partlamalarda ýogalanlaryň sanynyň 50 adama ýetendigi habar berildi.
Hytaýyň resmi Şinhua habarlar gullugynyň ýerli çeşmelere esaslanýan habarynda Luntaý şäherçesinde bolan partlamalarda hüçümçidigi öňe sürülýän 40 adam bilen birlikde asuda ilatdan 6 adamyň we 4 howpsuzlyk işgäriniň ýogalandygy nygtaldy.
Partlamalarda 54 adamyň hem ýaralandygy bellenildi.
Sinjanyň polisi wakany “guramaçylykly terror hüjümi” hökmünde görýär.
Polisiň wakadan soň hüjümçileriň käbirini atyp öldürendigi, käbiriniň bolsa partlamada ýogalandygy bellenildi.
Hytaýyň resmi köpçülikleýin habar beriş serişdesi ýekşenbe güni başdan geçirlen wakadan soň sebitde gündelik durmuşyň adaty ýagdaýda dowam etmäge başlandygyny habar beripdi, emma partlama barada giňişleýin maglumat bermändi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar