Daşary işler ministrligi ýazgardy

Daşary işler ministrligi Krym Tatar Milli Mejlisine we Mejlisiniň agzalarynyň öýlerine guralan hüjümleri ýazgardy

129994
Daşary işler ministrligi ýazgardy

Ministrlikden berilen ýazmaça beýanatda “Krym Awtanomiýasynda ýaşaýan we ýarym adanyň ýerli halklaryndan biri bolan tatarlaryň legal wekilçilik organy Krym Tatar Milli Mejlisine we onuň käbir agzalarynyň öýlerine 2014-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda guralan, ýaragly gullukçylaryň gatnaşandygy habar berilen hüjümleri ýazgarýarys” diýilýär.
Beýanatda demokratik hukuklaryny parahatçylykly ýollardan goraýan Krym tatar halkyny Mejlisine basyş etmek arkaly gorkuzyp, sussuny basmagy maksat edinýän şeýle aksiýalaryň asla kabul edilmejekdigi nygtalýar.
Beýanatda “Halkara jemgyýetçiliginiň Krym tatar halkynyň gussaly taryhyna täze halklaryň goşulmagyna synçy galmajakdygyna ynanýarys. Türkiýe Krym Awtanomiýasyndaky başlangyçlar, esasanda Krym tatar halkyna garşy ähli çäreler we çemeleşmeler bilen ýakyndan gyzyklanama dowam eder” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar