Krymda Russiýanyň kanunlaryna görä saýlaw geçirildi

Saýlawda halkyň diňe 45 göterimi ses berdi

125918
Krymda Russiýanyň kanunlaryna görä saýlaw geçirildi

Krymyň bir taraply ýagdaýda Russiýa birleşdirlendiginiň yglan edilmegiden soň ýarymadada ilkinji gezek Russiýanyň kanunlaryna görä saýlaw geçirildi.
Saýlawlarda 12 partiýadan 803 dalaşgär bäsleşdi.
Saýlawda halkyň diňe 45 göterimi ses berdi.
Saýlawda häkimiýetiň başyndaky Birleşen Russiýa partiýasynyň 70 göterimden gowrak ses alandygy nygtalýar.
Liberal Demokrat partiýa 9, Komunist partiýa hem 7 göterime golaý ses aldy.
Krym Tatarlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan sebitlerinde saýlawa gatnaşyk diýseň pes boldy.
Krym Tatar Milli mejlisiniň başlygy Refat Çubarow Krymyň halkyna saýlawa gatnaşmazlyklary barasynda çagyryş beripdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar