Bütindünýä çarwa oýunlary geçirilýär

Gyrgyz Respublikasynda şu ýyl ilkinjisi geçirilýän 1-nji Bütindünýä çarwa oýunlary düýn başlady

120543
Bütindünýä çarwa oýunlary geçirilýär

Yssyk köldäki dynç merkezi Çolpan Ata etrapçasynyň gippadromynda geçirilýän we çarwa halklaryň milli sport däpleriniň goralyp saklanmagyny hem-de tanyşdyrylmagyny maksat edinýän 1-nji Bütindünýä çarwa oýunlary Prezident Almazbek Atambaýew tarapyndan açyldy.
Açylyşyň başynda Prezident R.T.Erdoganyň ugradan gutlag ýüzlenme äpet ekranda görkezildi.
Atambaýew açylyş dabarasynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýänin prezidentlerine oýunlaryň Gyrgyz Respubližasynda geçirilmegine beren goldawlary mynasybetli sagbolsun aýtdy.
Bütindünýä çarwa oýunlarynyň halklaryň dostlugynyň we jebisliginiň berçinleşmegine goşant goşjakdygyna ünsi çeken Atambaýew “Geçen asyrlarda köp sanly döwlet kartadan öçdi. Köp sanly halk ýok boldy. emma çarwa medeniýetler ýaşamaga dowam edýär. Çarwa durmuşynyň güýji özgerýän dünýäde tebigata bolan tabynlygynda” diýdi.
Oýunlar üçin taýarlanan sahnada milli egin-eşikli gyrgyz gyzlarynyň tans çykyşyndan soň, çarwa medeniýeti, gyrgyzlaryň taryhy we edebiýaty we sport däpleri görkezildi.
Oýunlara Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagysntandan we Türkiýeden toparlar gatnaşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar