Hoja gyrgynçylygy "genosit" hökmünde kabul edildi

Sudanda Garabagyň Hojaly şäherinde başdan geçirlen wakalar bilen baglanşykly karar kabul edildi

118426
Hoja gyrgynçylygy "genosit" hökmünde kabul edildi

Sudanda Hoja gyrgynçylygy “genosit” hökmünde kabul edildi.


Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Hikmet Hajiýew metbugata beren beýanatynda Sudanyň Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetinde 1992-nji ýylda Garabagyň Hojaly şäherinde başdan geçirlen wakalar bilen baglanşykly kararyň kabul edilendigini nygtady.


Hajiýew komitetiň kabul eden kararynda Hojalyda başdan geçirlenleriň “adamzat jenaýaty” diýlip häsiýetlendirlendigini we “genosit” hökmünde ykrar edilendigini aýtdy.


1992-nji ýylyň 25-nji fewralynda Hojala hüjüm eden ermeniler sebitdäki Sowet goşunynyň ähli harby mümkinçiliklerinden peýdalanyp şäheri iki sagadyň dowamynda top okuna tutdy. Şäheriň ýaşaýjylary janyny halas etmek üçin daglara we tokaýlyk meýdanlara gaçmaga mejbur boldy. Halky yzarlamaga dowam eden ermeni güýçleri asuda ilaty gyrgyna berdi. Hüjümlerden bir gün soň bolsa ömür boýy ýatdan çykmajak “Hojaly gyrgynçylygy” ýüze çykdy.


Resmi görkezijilere görä Hojaly gyrgynçylygynda 106-sy zenan, 83-i çaga jemi 613 adam ýogaldy. Gyrgynçylykda 487 adam agyr ýaralandy. Ermeni güýçleri 1275 adamy ýesir aldy. Şolardan 150-den hiç hili habar alnyp bilinmedi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar