Goranmak ministrleriniń maslahaty Nahiçewanda geçirildi

Goranmak ministrleriniń maslahaty Nahiçewanda geçirildi

96562
Goranmak ministrleriniń maslahaty Nahiçewanda geçirildi

Türkiýäniń-Azerbaýjanyń we Gürjistanyń Goranmak ministrleri Nahiçewanda duşuşdy.
Türkiýäniń-Azerbaýjanyń we Gürjistanyń Goranmak ministrleriniń maslahaty Nahiçewanda geçirildi.
Maslahata Türkiýäniń Milli Goranmak ministri İsmet Ýylmaz, Azerbaýjanyń Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen Gürjistanyń Goranmak ministri İraki Alasaniýa gatnaşdy.
Ministrler ilki özara duşuşyk geçirdi soń toparara gepleşiklere gatnaşdylar.
Goranmak ministrleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniń wekillerine hem beýanat berdi.
Goranmak ministri İsmet Ýylmaz maslahatda eden çykyşynda Kawkazda parahatçylyk şertiniń ýola goýulmagy we dowam etdirilmegi üçin üç ýurduń birlikde hereket etjekdigini aýtdy.
“Türkiýe hökmünde Azerbaýjanyń we Gürjistanyń territorial bitewiligine goldaw berýäris” diýen ministr Ýylmaz, Garabag meselesiniń ýurduń territorial bitewiliginiń çöginde parahatçylykly ýagdaýda çözülip bilinjekdigini aýtdy.
Maslahatda sońky ýyllarda durmuşa geçirlen energetika we aragatnaşyk taslamalary hakynda hem pikir alyşyldy.
Türkiýäniń-Azerbaýjanyń we Gürjistanyń arasynda goranyş pudagy taýdan edilýän hyzmatdaşlygyń güýçlendirilmegi üçin ýylda iki gezek üç ýurduń Goranmak ministrleriniń gatnaşmagynda maslahat geçirler.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar