Berdimuhamedow Ärdogan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

90100
Berdimuhamedow Ärdogan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen döwletiniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýede geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişi bilen mähirli gutlady we oňa berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hem Türkiýe bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Onuň özeni «Iki döwlet — bir millet» diýen şygarda öz beýanyny tapýar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler netijeli, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hem-de iki halkyň pugta köpasyrlyk taryhy-medeni we ruhy umumylygyna daýanýan döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler.
Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz we Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini, şeýle hem iki tarapyň-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýän sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar türk kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna üns berdiler.
Hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň saýlanan Prezidenti netijeli türkmen-türk özara aragatnaşyklary söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, dürli ulgamlarda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňat mümkinçilikleriň köpdügini bellediler.
Medeni-gumanitar ulgamynyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegidigini nygtap, söhbetdeşler bilim, ylym we medeniýet babatda däp bolan gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak barada pikirlerini aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkiýäniň saýlanan Prezidenti türk halkynyň türkmen halky bilen gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden sarpa goýýandygyny nygtap, gutlaglary üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidentini sapar bilen ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hoşlaşanlarynda, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.( Altyn Asyr)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar