Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dartgynlyk möwjedi

Front liniýasynda ylalaşyk bozulmaga dowam edilýär

81555
Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda dartgynlyk möwjedi


Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda şehitler we ýaralanan esgerler bilen bagly habarlar gelmäge dowam edýär.
Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň sebite guran saparynyň öň ýanynda front liniýasynda dartgynlyk ýaňadandan möwjedi.
Front liniýasynda ylalaşyk bozulmaga dowam edilýär.
Çaknyşykda Azerbaýjanly 1 esger ýogaldy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi waka hakyndaky habarlary tassyklady emma ýogalan esger barada hiç hili maglumat berilmedi.
Şeýlelikde soňky 6 günde ýogalan Azerbaýjanly esgerleriň sany 17-ä ýetdi.
Front liniýasynda bolan soňky çaknyşykda Azerbaýjanly 2 esger hem ýaralandy.
Ermeni esgerleri biri 9, beýlekisi 14 ýaşynda iki çagany nyşana aldy.
Keselhanada bejeriş astyna alynan çagalaryň saglyk ýagdaýynyň gowudygy nygtaldy.
Prezident İlham Aliýew front liniýasyndaky Agdam şäherine baryp gördi we esgerlere guhy taýdan goldaw berdi.
Aliýew mundan başgada Garabagdan göçmäge mejbur bolan azerbaýjanlylar üçin gurlan öýleriň açarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar