Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyk boldy
Çaknyşykda azerbaýjanly 8 esger ýogaldy
![Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyk boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/10-11/Files/UploadedImages/9947841azerbeycanermenistansnratma.jpg?time=1719197313)
Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyk boldy.
Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda bolan çaknyşykda azerbaýjanly 8 esger ýogaldy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “düýn gije Agdam-Terter sebitinde ermeni esgerleriniň Azerbaýjan serhedine çenli gelendigi anyklandy we front liniýasyna çaknyşyk boldy”diýildi.
Çaknyşyklarda ermeni esgerleriniň ýitgi çekenlerinden soň yza çekilendigi nygtaldy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany barasynda maglumat bermedi emma Azerbaýjanyň APA habarlar gullugy çaknyşyklarda azerbaýjanly 8 esgeriň şehit bolandygyny habar berdi.
Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Gazah sebitinde hem ermeni esgerleriniň ylalaşygy basgylandygy sebäpli Azerbaýjanyň ýaragly güýçlerinden İsa Almazow atly esgeriň ýogalandygy bellenildi.
Degişli Habarlar
![Gyrgyzystan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e010/d670/914d/6672cf2548df6.jpg?time=1719197313)
Gyrgyzystan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady
Gyrgyzystanyň mejlisi Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýol taslamasy ylalaşygyny tassyklady
![Türkiye Azerbaýjanyň geljegine goşant goşýar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/6e67/9b77/98a9/66716af7bff4b.jpg?time=1719197313)
Türkiye Azerbaýjanyň geljegine goşant goşýar
Türkiye dostlukly we doganlyk ýurt Azerbaýjanyň “geljegine nepes" bolýar