"Türkiýe DKTR-na goldawyny dowam etdirer"

Kipr parahatçylyk operasiýasynyň 40 ýyllygy DKTR-da düýn dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

65603
"Türkiýe DKTR-na goldawyny dowam etdirer"

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçek şol manyly günde ýüzlenme çap etdi.
Mejlisiň Başlygy Çiçek ýüzlenmesinde iň uly arzuwlarynyň durnukly parahatçylykdygyny beýan etdi.
Kipr adasynda iki halkyň we iki döwletiň bardygyna ünsi çeken Çiçek, bar bolan düşnüşmezlikleriň çözülmegi we durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin dowam etdirilýän gepleşikleriň netijeli tamamlanmagyny tama edýändiklerini belledi.
Jemil Çiçek şol ugurda edilýän tagallalary mundan beýläk hem goldamaga dowam etjekdiklerini nygtady.
Premýer ministr R.T.Erdogan hem Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Derwiş Erogluna hat ugratdy.
Premýer ministr Erdogan “Gepleşik etabynyň gysga möhletde netijelendirilip, referendumlaryň geçirilmegi arkaly adalatly we durnukly çözgüde ýetilmegine garaşýarys” diýdi.
Premýer ministr Erdogan Türkiýäniň DKTR-nyň ähli taraplaýyn ösüp, güýçlenmegi üçin goldawyny dowam etdirjekdigini hem nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar