Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda soňky döwrüň iň möhüm duşuşy

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly resmi sapar bilen Daşkentde bolýar

124412
Türkiýe bilen Özbegistanyň arasynda soňky döwrüň iň möhüm duşuşy

Ministr Dawutogly özbegistanyň Prezideni Yslam Kerimow tarapyndan kabul ediler.
Taraplaryň ikisem sapara “täze başlangyç” hökmünde garaýar.
Sapar özara gatnaşyklarda uzak dowam eden durgunlyk döwründen soň guralýar.
13 ýyl soň Türkiýeden daşary işler ministri derejesinde ilkinji gezek Özbegistana sapar guralýar.
Dawutogly saparynyň çäginde ilki özbek kärdeşi Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.
Ahmet Dawutogly “ministrik wezipesine bellenelim bäri hesret bilen garaşan saparym” diýdi we Türkiýe bilen Özbegistan güýçli boldugy saýyn Aziýada durnuklylyk bolar. Şuny bütin dünýä ýüzlenip aýdýaryn” diýdi.
Ministr Dawutogly soň bolsa Prezident Yslam Kerimow tarapyndan kabul ediler.
Saparyň maksady özara ynamyň täzeden dikeldilmegi.
Başdan geçirilen durgunlyk döwrüniň ýalňyş düşünişmekden gelip çykandygynyna üns çekilip, täze döwürde ykdysady gatnaşyklaryň hem ösmegine garaşylýar.
Daşary işler ministr Ahmet Dawutogly ertir Özbegistanyň taryhy Samarkand we Buhara şäherlerine barar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar