Dawutogly Krymogly we Çubarow bilen duşuşdy

Mustafa Kyrymogly bilen Ryfat Çubarow Ankara geldi

121169
Dawutogly Krymogly we Çubarow bilen duşuşdy


Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň çakylygyna laýyklykda Krym Tatarlarynyň lideri Mustafa Kyrymogly bilen Krym Tatar Milli Mejlisiniň başlygy Ryfat Çubarow düýn Ankara geldi.
Saparyň çäginde Krymdaky soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda Krymogly bilen Çubarowyň ene watany Krym Awtanomiýasyna barmagynyň gadagan edilmegi we Krym Tatar Milli Mejlisiniň ýapylmagy howpy meselesine garaldy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda bolsa şol bökdençlikleriň gysga wagtda ortadan aýrylmalydygy, şuňa meňzeş bi kanun hereketlere we basyşlara ýüz tutanlaryň tutumlaryny üýtgetmelidigi nygtaldy.
Beýanatda mundan başgada “Türkiýe hemişe bolşy ýaly Krym Tatarlarynyň ýanynda bolar” diýildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar