Türk geňeşiniň maslahaty Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirilýär

Maslahatyň şu ýylky temasy “Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek”.

83373
Türk geňeşiniň maslahaty Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirilýär

Türki dilli ýurtlaryň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahaty Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirilýär.
Maslahatyň şu ýylky temasy “Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek”.
Düýn Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda öz işine başlan maslahata Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birlikde köp sanly ministr gatnaşýar.
Maslahat Daşary işler ministrleriniň oturluşygy bilen öz içine başlady.
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly oturluşykda eden çykyşynda türk dünýäsiniň taryhy Ýüpek ýolunyň ýaňadandan janlandyryljakdygyny aýtdy.
Maslahata gatnaşýan liderler hem şu gün bir ýere jemlenşer.
Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegi meselesinde ministrler derejesinde geçirlen oturlyşygyň netijeleri Döwlet baştutanlary geňeşine hödürlener.
Türk geňeşiniň Baş sekretary maslahatyň netijeleri barasynda metbugata beýanat berer.
Beýleki tarapdan Prezident Abdulla Gül maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleri bilen iki çäk gepleşikler geçirdi.
Gepleşiklerde energetika, transport we medeni taýdan gatnaşyk edilmegi bilen baglanşykly meseleler seljerildi.
Gepleşiklerden soň Prezident Gül myhman kärdeşleriniň hormatyna agşam naharyny berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar