Türkiýä Iki Aýda 4,3 Million Syýahatçy Geldi

Fewral aýynda Türkiýä daşary ýurtly 2 million 294 müň 579 syýahatçy geldi.

2118938
Türkiýä Iki Aýda 4,3 Million Syýahatçy Geldi

Türkiýä üstümizdäki ýylyň ilkinji 2 aýynda 4,3 million syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, Türkiýä ýanwar we fewral aýlarynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 12 göterim artyp 4 million 341 müň 606 adama ýetdi.

Fewral aýynda Türkiýä daşary ýurtly 2 million 294 müň 579 syýahatçy geldi.

Fewral aýynda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 22,68 göterim artdy.

 

 



Degişli Habarlar