Stambuldaky Howa Menzilleri Täze Bir Rekord Goýdy
Stambul we Sabiha Gökçen howa menzillerinden ýylyň birinji çärýeginde 27 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy.
2130724
![Stambuldaky Howa Menzilleri Täze Bir Rekord Goýdy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/f5b9/9d73/ec2c/6611404ac2235.jpg?time=1722044508)
Ýanwar-mart aralygynda Stambuldaky howa menzillerinden peýdalanan ýolagçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä 13 göterim artdy.
27,1 million ýolagçy Stambuldaky howa menzillerinden syýahat etdi.
Stambul howa menzili ýylyň 3 aýynda jemi 17,7 million ýolagçy kabul etdi.
Sabiha Gökçen adyndaky howa menzili bolsa 9,4 million ýolagçy kabul etdi.
Stambuldaky howa menzillerinde ýylyň birinji çärýeginde ýolagçy sanyna parallellikde gatnawlaryň sany hem artdy.
Syýahatçylyk paslynyň açylmagy bilen geljekki aýlarda-da artyşyň dowam etmegine garaşylýar.
Degişli Habarlar
![Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/2a3b/c377/4a5d/66991782c97ec.jpg?time=1722044508)
Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar
Türkiýe, 2024 Olimpiada oýunlarynda 18 ugur boýunça 102 türgen bilen bäsleşer.