Fransiýada Ele Salynan Taryhy Eserler Yzyna Getiriler

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý Fransiýada ele salynan 8,659 eseriň yzyna getiriljekdigini beýan etdi.

2115709
Fransiýada Ele Salynan Taryhy Eserler Yzyna Getiriler

Ministr Ersoý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda işiň Awstriýadaky auksion firmasynda satuw çykarylan Anadolydan gelip çykan köp sanly zikgäniň Kontrabanda garşy göreş edarasy tarapyndan 2019-njy ýylda anyklanmagyndan soň başlandygyny, Awstriýada başlan serljeriş işiniň Fransiýa birigendigini mälim etdi.

Fransiýanyň güýç ulanyjy edaralarynyň Türkiýeden bikanun ýollar bilen çykarylan şol eserleri satýan adamlara garşy giňeldilen we nusgawy derňew işini başladandygyny beýan eden Ersoý, şol wagtlar türk polisi tarapyndan geçirilen we dümýäde uly seslenme döreden “Anadoly we miras operasiýasy” bilen şol eserleri alyp giden jenaýat toparynyň Türkiýedäki böleginiň dargadylandygyny ýatlatdy.

Ministr Ersoý: “Bütindünýä gümrük guramasy döwletleriň arasyndaky utgaşyklygy ýola goýup, maglumat alyş-çalyşyny güýçlendirdi. Bularyň netijesinde Fransiýanyň Gümrük we howpsuzlyk edarasy tarapyndan zikgeler we golýazmalar bilen bilelikde 8,659 eser ele salyndy. Fransiýada ele salynan eserlerimizi yzyna getirýäris” diýip ýazdy. 



Degişli Habarlar