2023-nji Ýylyň Iň Gelim-Gidimli Şäheri Stambul Boldy

“Euromonitor International” guramasy 2023-nji ýylyň iň gelim-gidimli şäherleriniň sanawyny çap etdi. Sanawda Türkiýeden 2 şähere orun berilýär.

2113433
2023-nji Ýylyň Iň Gelim-Gidimli Şäheri Stambul Boldy

20,2 million myhmany kabul edip, birinji orunda durýan Stambuldan soň 18,8 million syýahatçyny kabul eden London ikinji, 16,8 million syýahatçy kabul eden Dubaý üçünji orny eýeledi. Sanawyň 4-nji ornunda bolsa 15,7 million syýahatçy bilen Antalýa durýar.

Sanawdaky iň gelim-gidimli 10 şäher şulardan ybarat:  

• Stambul (Türkiýe),

• London (Britaniýa),

• Dubaý (Birleşen Arap Emirlikleri),

• Antalýa (Türkiýe),

• Pariž (Fransiýa),

• Gonkong (Hytaý),

• Bankok (Taýland),

• Nýu-Ýork (ABŞ),

• Kankun (Meksika),

• Mekge (Saud Arabystany)

 



Degişli Habarlar