Ýanwar Aýynda Türkiýä 2 Million 47 Müň 27 Syýahatçy Geldi

Türkiýä 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçy gelipdi.

2106517
Ýanwar Aýynda Türkiýä 2 Million 47 Müň 27 Syýahatçy Geldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 2023-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 2,05 göterim artdy.

Ýanwar aýynda Türkiýä daşary ýurtly 2 million 47 müň 27 syýahatçy geldi.

Türkiýä 2023-nji ýylda 56,7 million syýahatçy gelipdi.

Geçen ýyl syýahatçylyk pudagyndan 54,3 milliard dollarlyk girdeji gazanylypdy. Syýahatçylar adam başyna günde 99 dollarlyk harajat etdi.

 



Degişli Habarlar