Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Stambul howa menzili ýanwar aýynda gündelik ortaça 1308 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy

2104139
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy

Eurokontrol edarasynyň ýanwar aýy bilen baglanşykly Ýewropanyň Awiasiýa habarnamasy çap edildi. 

Habarnama görä Stambul howa menzili ýanwar aýynda gündelik ortaça 1308 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.

Stambul howa menzilinden soň gündelik 1201 uçar sapary bilen London Hitrou howa menzili 2-nji we 1032 uçar sapary bilen Pariždäki Şarl de Goll howa menzili bolsa iň gelim-gidimli 3-nji howa menzili boldy. 

Stambuldaky Sabiha Gökçen howa menzili bolsa gündelik ortaça 596 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli 10-njy howa menzili boldy. 



Degişli Habarlar