Kuşadasyna Ýylyň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi

Kuşadasyna Norwegiýanyň baýdagyny göterýän “Wiking Saturn” atly kruiz gämisi geldi.

2088947
Kuşadasyna Ýylyň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi

Aýdynyň Kuşadasy etrabyna ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.

Kuşadasynyň Ege portuna, esasy bölegi amerikaly 921 ýolagçysy bolan Norwegiýanyň baýdagyny göterýän “Wiking Saturn” atly kruiz gämisi geldi.

Kruiz gämisiniň ýolagçylarynyň bir bölegi Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine, bir bölegi bolsa Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Kuşadasy Ege portunyň baş müdüri Aziz Güngör, şu ýyl Kuşadasyna geljek ýolagçy gämileriniň sanynyň 15 göterim artmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar