2023-nji Ýylyň Medeniýet we Sungat Baýraklaryna Laýyk Görülenler Yglan edildi

Prezident R.T.Erdogan “2023-nji ýylda Prezidentiň Medeniýet we sungat ugurlarynda Uly baýragynyň” eýe boljaklaryň sanawyny beýan etdi.

2057718
2023-nji Ýylyň Medeniýet we Sungat Baýraklaryna Laýyk Görülenler Yglan edildi

Prezident Erdofgan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Türkiýe Asyry” strategiýasyna goşan goşantlary we gazanan üstünleri bilen Respublikamyzyň 100-nji ýylynda buýsandyran, “2023-nji ýylda Prezidentiň Medeniýet we sungat ugurlarynda Uly baýragyna” eýe bolan sungat ussatlarymyzy, alymlarymyzy we senetkärlerimizi gutlaýaryn. Wepakärlik baýragyna laýyk görülenlere hem alladan rehnet dileýarin” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan habarnamasynda  “2023-nji ýylda Prezidentiň Medeniýet we sungat ugurlarynda Uly baýragyna”; ylymda Süleýman Uludagyň, medeniýetde Ali Birinjiniň, aýdym-saz boýunça Emel Saýynyň, suratda Ilhami Atalaýyň, karrikaturada Hasan Aýjynyň, kino boýunça Sami Şekeroglunyň, sanly sungat boýunça Refik Anadolyň, binagärçilikde Sinan Genimiň, edebatda bolsa Nazan Bekaroglunyň laýyk görülendigini beýan etdi.

Habarnamada Wepakärlik baýraklarynyň bolsa Atilla Ilhana, Baryş Manço, Ismail Hakky Uzunçarşyla, Muhsin Ertugrula we Samiha Aýwerdä laýyk görülendigini beýan edildi.



Degişli Habarlar