Muhammed Salah Gaza Üçin Kömek Çagyryşyny Berdi

"Dünýa liderlerine, asuda ilatyň öldürilmeginiň öňüniň alynmagy üçin çagyryş berýärin”

2052880
Muhammed Salah Gaza Üçin Kömek Çagyryşyny Berdi

Dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan türgen Muhammed Salah, Gaza üçin kömek çagyryşyny berdi.

Müsürli futbolçy sosial mediadan beren ýüzlenmesinde “Gazanyň halkyna gyssagly azyk, agyz suwy we lukmançylyk enjamlary kömegi berilmeli. Dünýa liderlerine, asuda ilatyň öldürilmeginiň öňüniň alynmagy üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Muhammed Salah, birnäçe gün ozal hem Ysraýylyň guraýan hüjümlerine garşy Gazadaky we Günbatar Şeriadaky palestinalylara goldaw bermek üçin pul kömegini beripdi.



Degişli Habarlar