Kruiz Gämileriniň Ugry Marmarise Gönükdi

“Mein Schiff5” atly kruiz gämisi, Haýfa portuna gitmekden ýüz öwürip, Muglanyň Marmaris etrabyna geldi.

2050103
Kruiz Gämileriniň Ugry Marmarise Gönükdi

Maltanyň baýdagyny göterýän “Mein Schiff5” atly kruiz gämisi, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy sebäpli Haýfa portuna gitmekden ýüz öwürip Muglanyň Marmaris etrabyna geldi.

Limasol portuna baran kruiz gämisi Ysraýylyň ýerine Marmarise geldi.

Marmarise gelen 296 metr uzynlygyndaky gäminiň esasy bölegi germaniýaly 2 mün 580 ýolagçysy bilen 846 hünärmeni bar.

Düýn hem Bahamanyň baýdagyny göterýän “Norwegian Žade” atly kruiz gämisi, Haýfanyň ýerine 2 müň 600 ýolagçysy bilen Marmarise gelipdi.

 


Etiketkalar: #kruiz gämi , #Marmaris , #Mugla

Degişli Habarlar