Panamanyň "Crown Iris" kruiz gämisi Alanýa geldi

Gämi şu ýyl etraba 6-njy gezek gelýär

2047247
Panamanyň "Crown Iris" kruiz gämisi Alanýa geldi

Panamanyň baýdagyny göterýän "Crown Iris" kruiz gämisi Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabynyň portyna geldi. 

Ysraýylyň Haýfa portyndan ýola çykan 207 metr uzynlygyndaky gämi, Alanýa portyna geldi. 

Gämide aglabasy ysraýylly bolan 1671 ýolagçynyň we 577 işgäriň bardygy habar berildi. 

Gümrük işlerinden soň gämiden düşen syýahatçylaryň käbirleri etrabyň merkezine söwda etmäge, käbirleri bolsa Alanýanyň taryhy we syýahatçylyk ýerlerine gezelenç etmäge çykdylar. 

Gämi şu ýyl etraba 6-njy gezek gelýär. 


Etiketkalar: #Antalýa , #Alanýa , #kruiz , #gämi

Degişli Habarlar