Taryhy Eser Türkiýä Gaýtarylyp Berildi

Gollandiýanyň Leýnden şäherinde ýerleşýän muzeýdäki Türkiýa degişli taryhy antiki daş bölegi Türkiýäniň Gagadaky Ilçisi Selçuk Ünal tarapyndan kabul edilip alyndy.

2041055
Taryhy Eser Türkiýä Gaýtarylyp Berildi

Ilçi Ünal adynyň tutulmagyny islemedik kolleksioneriň Leýndeniň Milli gadymy eserler muzeýinde Türkiýä degişlidigi çaklanylýan taryhy eseri gowşurandygyny aýtdy.

Bu maglumatyň ilki Stambulda ýerleşýan Gollandiýa ylmy-barlag instituty tarapyndan Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kontrabanda göreş departamentine berilendigini aýdan Ünal, taryhy eseriň barlanandan soň Türkiýeden alynyp gidilendiginiň anyklanandygyny beýan etdi.

Taryhy eseriň binagärçilik eseri ýa-da gubyr daşy bolandygynyň çaklanylýandygyny aýdan Ünal; “Muzeýiň kuratory hem bu daşy biziň eýýamymyzyn 2-nji ýa-da 3-nji aşyryna degişlidigini çaklaýar. Türkiýede Antalýanyň Perge etrabyndan alynyp gidilendigi takmyn edilýär” diýdi.



Degişli Habarlar