Woleýbolçy Gyzlar Pariž 2024 Olimpiada Oýunlaryna Gatnaşmaga Hukuk Gazandy

Woleýbolçy gyzlar şeýlelikde yzly yzyna geçiren 21 bäsleşiginde üstünlik gazandy.

2041293
Woleýbolçy Gyzlar Pariž 2024 Olimpiada Oýunlaryna Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
filenin sultanlari-japonya-1.jpg
filenin sultanlari-japonya.jpg

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy Ýaponiýany 3-1 hasabynda ýeňip Pariž 2024 olimpiada oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, 2024 Pariž olimpiada oýunlarynyň seçip alyş bäsleşiginde B toparyndaky 6-njy bäsleşigini ýer eýesi Ýaponiýa bilen geçirdi.

Bäsdeşini 3-1 hasabynda ýeňen woleýbolçy gyzlar şeýlelikde Pariž 2024 olimpiada oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, 2024 Pariž olimpiada oýunlarynyň seçip alyş bäsleşiginde B toparynda Porto Rikony 3-0, Bolgariýany 3-0, Peruny 3-1, Argentinany 3-1, Braziliýany 3-0 we Ýaponiýany hem 3-1 hasabynda ýeňdi.

Woleýbolçy gyzlar şeýlelikde yzly yzyna geçiren 21 bäsleşiginde üstünlik gazandy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar