Türkiýä Ýylyň 7 Aýynda 692 Müň Kruiz Ýolagçysy Geldi

Ulaglar we infrastruktura ministrliginiň Deňizçilik baş müdürligi iýul aýyna degişli kruiz hasabatyny çap etdi.

2023524
Türkiýä Ýylyň 7 Aýynda 692 Müň Kruiz Ýolagçysy Geldi

Şuňa laýyklykda Türkiýäniň portlaryna gelen kruizleriň sany geçen ýylyň degişli aýyna görä 28,3 göterim artyp, 154-e ýetdi.

Kruiz ýolagçylarynyň sany hem degişli aýda 72,6 göterim artyp, 209,033 adama ýetdi.

Ýurduň portlaryna gelen kruiz gämileriniň sany ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda bolsa 31,4 göterim artyp, 574-e ýetdi. Şol gämiler bilen gelen ýolagçylaryň sany bolsa degişli döwürlerde 83,6 göterim artyp, 691,958 adama barabar boldy.

Ýylyň 7 aýynda iň köp kruiz gämisini kabul eden portlaryň başynda Kuşadasy porty 264 gämi we 372,831 ýolagçy bilen birinji orny eýeledi.

Stambulyň portlary 102 gämi we 169,320 ýolagçy bilen ikinji, Çeşme portu 47 gämi we 30,015 ýolagçy bilen üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar