Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Artýar

Antalýa howa ýoly arkaly gelen  daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 8 million 184 müň 89 adama ýetdi

2018967
Antalýa Gelýän Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Artýar

Antalýa, dünýäniň çar tarapyndan gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär.

Antalýa welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdürliginden berlen beýannama görä, ýanwar aýynyň 1- bilen iýul aýynyň 31-i aralygynda Antalýa howa ýoly arkaly gelen  daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 8 million 184 müň 89 adama ýetdi.

Geçen ýylyň ýanwar aýynyň 1- bilen iýul aýynyň 31-i aralygynda Antalýa 6 million 688 müň 513 adam gelipdi. Antalýa gelen syýahatçylaryň sany şu ýyl 22 göterim artdy.

Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 1 million  853 müň syýahatçy bilen Russiýa birinji orny eýeledi.

Germaniýa sanawda 1 million 638 müň 603 syýahatçy bilen ikinji, 716 müň 991 syýahatçy bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar