Kuşadasyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müňden gowrak syýahatçy geldi

Kruiz syýahatçylygynyň möhüm merkezleriniň biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müň 247 syýahatçy geldi

2005589
Kuşadasyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müňden gowrak syýahatçy geldi

Kuşadasy Ege Port deňiz menziline Bagamanyň baýdaklaryny göterýän "Silver Spirit" we "Odyssey Of The Seas", Fransiýanyň baýdagyny göterýän "Club Med 2" we Gollandiýanyň baýdagyny göterýän  "Oosterdam" atly kruiz gämileri geldi. 

Kruiz gämilerinden düşen syýahatçylar tur awtobuslary bilen Izmir welaýatynyň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäheri bilen Merýem Enäniň öýüne syýahat etdiler. Tura gatnaşmadyk syýahatçylar bolsa şäheriň merkezinde gezelenç etdiler. 

Aglabasy ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň raýatlary bolan syýahatçylary daşaýan gämileriň mundan soňky duralgasy Gresiýa bolar. 



Degişli Habarlar