Türkiye Ýewropa oýunlaryna 193 türgen bilen gatnaşar

Türkiye Polşada 21-nji iýun-2-nji iýul aralygynda geçiriljek 3-nji Ýewropa oýunlaryna 103-i zenan, 90-y erkek jemi 193 türgen bilen gatnaşar

2001024
Türkiye Ýewropa oýunlaryna 193 türgen bilen gatnaşar

Türk türgenler spordyň 26 aýry şahada we 29 aýry ugurda geçiriljek çärede medallar almak üçin bäsleşerler. 

Türkiye ozal geçirilen oýunlarda 8 altyn, 10 kümüş, 26 bürünç medal bolmak bilen jemi 44 medala eýe bolupdy. 

Türkiye taryhda ilkinji gezek Azerbaýjanda geçirilen Ýewropa oýunlaryna 29 medal gazanypdy. 

Paýtagt Baku şäherinde geçirilen oýunlara Türkiye 81-i zenan, 109-y erkek bolmak bilen jemi 190 türgen bilen gatnaşypdy. 

Türkiye 1-nji Ýewropa oýunlaryny 6 altyn, 4 kümüş we 19 bürünç bolmak bilen jemi 29 medal alyp, oýunlary 14-nji bolup tamamlapdy. 

Türkiye Belarussiýada 2019-njy ýylda geçirilen 2-nji Ýewropa oýunlarynda bolsa 15 medala eýe bolupdy. 

Paýtagt Minsk şäherinde geçirilen oýunlara türk türgenler 44-i zenan, 66-sy erkek bolmak bilen jemi 110 türgen bilen gatnaşypdy. 

Türkiye şol oýunlary bolsa 2 altyn, 6 kümüş we 7 bürün medal bolmak bilen jemi 15 medala eýe bolup, 24-nji bolup tamamlapdy. 



Degişli Habarlar