Messiniň Pari Sen-Žermen toparyndaky döwri gutarýar

Pari Sen-Žermen futbol toparynyň Baş tälimçisi Kristof Galtýe, argentinaly futbolçy Lionel Messiniň topardan çykjakdygyny habar berdi

1994315
Messiniň Pari Sen-Žermen toparyndaky döwri gutarýar

Kristof Galtýe beýanatynda: "Maňa futbol taryhynyň iň gowy oýunçysyny taýýarlamak miýesser etdi. Klermon duşuşygy Lionel Messiniň Park de Prensdäki soňky duşuşygy bolar" diýip mälim etdi. 

Argentinaly ýyldyz öz karýerasynda Nyuells Old Boýz, Barselona we Pari Sen-Žermen toparlarynda oýnapdy. 

Soňky gezek 2022-nji ýylda Bütindünýä Çempionatynda çempion bolan Lionel Messiniň Saud Arabystanynyň ligasyna geçjekdigi öňe sürülýär. 



Degişli Habarlar