Kuşadasyna 4 Kruiz Gämisi Geldi

Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müň 200 syýahatçy geldi.

1982704
Kuşadasyna 4 Kruiz Gämisi Geldi
kusadasi kruvaziyer.jpg
kusadasi kruvaziyer.jpg

Kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müň 200 syýahatçy geldi.

Panamanyň baýdagyny göterýän “MSJ Splendia”, Norwegiýanyň baýdagyny göterýän “Wikins Star”, Bahamanyň baýdagyny göterýän “S.S Woýager” we Palaunyň baýdagyny göterýän “Aida Blu” atly kruiz gämileri Kuşadasyna geldi.

Kruiz gämileri bilen Kuşadasyna gelen 8 müň 200 syýahatçynyň bir bölegi İzmiriň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.

Maý aýynda Kuşadasna 80 kruiz gämisiniň gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar