Fransiýa 2024 Pariž Olimpiada Oýunlary Üçin Taýarlyk Görýär

2024 Pariž olimpiada oýunlary, iýul aýynyň 26-sy bilen awgust aýynyň 11-i aralygynda geçirler.

1931099
Fransiýa 2024 Pariž Olimpiada Oýunlary Üçin Taýarlyk Görýär

Fransiýa, 2024 Pariž olimpiada oýunlary üçin uly taýarlyk görýär.

Guramaçylygyň öňüsyrasynda ýurtda soňky taýarlyklar gözden geçirilýär.

Döwlet geňeşi howpsyzlyk meselesinde degişli çäreleriň görülmegi boýunça ýörite habarnama taýarlady.

Habarnamada, oýunlaryň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri bolan Sena derýasyna uly üns çekildi.

Döwlet geňeşi, Fransuz parlamendine hödürlän habarnamasynda oýunlaryň guramaçylyk komitetine käbir zatlary maslahat berdi we aladalaryny beýan etdi.

Döwlet geňeşiniň başlygy Piýer Moskowiç, degişli çäreleriň görülmegi meselesine uly kynçylygyň ýüze çykyp biljekdigini nygtady.

Oýunlaryň Sena derýasynda geçiriljek açylyş dabarasyna 60 müň adamyň gatnaşmagyna garaşýandyklaryny aýdan Moskowiç, howpsyzlyk meselesinde bölünip berlen bujetiň artdyrylmalydygyny nygtady.

2024 Pariž olimpiada oýunlary, iýul aýynyň 26-sy bilen awgust aýynyň 11-i aralygynda geçirler.

 



Degişli Habarlar