Pakistanda Muson Ýagyşlary Sebäpli 4 Müň 500 Ýyllyk Diwaryň Bir Bölegi Ýykyldy

“Mosun ýagyşlary sebäpli 5 müň ýyl ozal gurlan birnäçe diwar ýykyldy”

1876740
Pakistanda Muson Ýagyşlary Sebäpli 4 Müň 500 Ýyllyk Diwaryň Bir Bölegi Ýykyldy

Pakistanda mosun ýagyşlary sebäpli Dünýäniň Medeni miras sanawynda ýer alýan Mohenžo-daroda ýerleşýän 4 müň 500 ýyllyk diwaryň bir bölegi ýykyldy.

Mosun ýagyşlary Sinh welaýatynyň günortasynda Ind derýasynyň golaýynda ýerleşýän Mohenžo-daronyň galyndylara ýaramaz täsirini ýetirdi.

Taryhy galyndylardan jogapkär Ahsan Abbasi, “Mosun ýagyşlary sebäpli 5 müň ýyl ozal gurlan birnäçe diwar ýykyldy” diýdi.

Mohenžo-daronyň galyndylary, Günort Aziýada öz durkuny gorap saklaýan esasy galyndylardan biri hökmünde görkezilýär we Dünýäniň Medeni miras sanawynda ýer alýar.

Mohenžo-daronyň galyndylary 1922-nji ýylda tapylypdy.



Degişli Habarlar