“Hoz Agajy” Filmi Eýranda Görkezilýär

“Hoz Agajy” filmi 1979-njy ýyldan soň Eýranda görkezilýän ilkinji daşary ýurtly film boldy.

1875868
“Hoz Agajy” Filmi Eýranda Görkezilýär

Kino-režisýor Faýsal Soýsal tarapyndan surata düşürlen we birnäçe baýrak alan “Hoz Agajy” filmi 2-nji sentýabrdan başlap Eýranda görkezilmäge başlandy.

“Hoz Agajy” filmi 1979-njy ýyldan soň Eýranda görkezilýän ilkinji daşary ýurtly film boldy.

Eýranda 20 kino-teatrda görkezilýän filmde Serdar Orçin, Sezin Akbaşogullary, Kübra Kip, Mert Ýawuzjan, Şebnem Dilligil we Ryza Akyn oýnaýar.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-niň goldaw bermeginde surata düşürlen “Hoz Agajy” filmi 43 ýyl soň Eýranda görkezilen ilkinji daşary ýurtly film boldy.

Daşary ýurtlarda geçirlen film festiwallarynda birnäçe baýrak alan film edebiýat mugallymy Haýatiniň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär.


Etiketkalar: #Eýran , #film , #“Hoz Agajy”

Degişli Habarlar