“Hoz Agajy” Filmi Eýranda Görkeziler

“Hoz Agajy” filmi birnäçe ýyl soň Eýranda görkeziljek ilkinji daşary ýurtly film bolar.

1873440
“Hoz Agajy” Filmi Eýranda Görkeziler

Kino-režisýor Faýsal Soýsal tarapyndan surata düşürlen we birnäçe baýrak alan “Hoz Agajy” filmi 2-nji sentýabrdan başlap Eýranda görkezilmäge başlanar.

Eýranda 20 kino-teatrda görkeziljek filmde Serdar Orçin, Sezin Akbaşogullary, Kübra Kip, Mert Ýawuzjan, Şebnem Dilligil we Ryza Akyn oýnaýar.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-niň goldaw bermeginde surata düşürlen “Hoz Agajy” filmi birnäçe ýyl soň Eýranda görkeziljek ilkinji daşary ýurtly film bolar.

Daşary ýurtlarda geçirlen film festiwallarynda birnäçe baýrak alan film edebiýat mugallymy Haýatiniň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär.

 

 


Etiketkalar: #“Hoz Agajy” , #film , #Eýran

Degişli Habarlar