Etnosport Medeniýet festiwaly öz işini tamamlady

Bütindünýä Etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan, Atatürk howa menzilinde geçirilen V Etnosport Medeniýet festiwalynyň ýapylyşyny amala aşyrdy

1842412
Etnosport Medeniýet festiwaly öz işini tamamlady
etnospor.jpg
bilal erdogan.jpg
etnospor.jpg
etnospor.jpg
etnospor.jpg

Atatürk howa menzilinde geçirilen we 4 gün dowam eden V Etnosport Medeniýet festiwalynyň ýapylyş dabarasyna Bütindünýä Etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan we dolanşyk geňeşiniň agzalary we myhmanlar gatnaşdylar. 

Bilal Erdogan ýapylyş dabarada eden çykyşynda: "Ýüz müňlerçe myhmana gapysyny açan, 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli her kimiň öz medeniýeti we dünýäniň beýleki sebitlerinden gelen gatnaşyjylaryň üsti bilen özüne mahsus zatlary tapan festiwalyň ählimizde ýatdan çykmajak pursatlary goýandygyna ynanýarys" diýip belledi. 

Bütindünýä Etnosport konfederasiýasy hökmünde öňümizdäki ýyllarda has hem gyzykly festiwallary geçirjekdiklerini aýdan Bilal Erdogan: "Nobatdaky festiwalymyz IV Çarwa oýunlary. 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda Iznikde spordyň milli görnüşleri bilen sizi tanyşdyrarys" diýip habar berdi. 

Festiwalyň çäginde geçirilen ýaryşlarda ilkinji orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylara sylaglar we şahadatnamalar gowşuryldy. 



Degişli Habarlar