Stambul Şäherine Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

4 aýda şähere 3 million 882 müň 348 syýahatçy geldi.

1836007
Stambul Şäherine Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

Aprel aýynda Stambul şäherine gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 133 göterim artyp 977 müň 888-e ýetdi.

4 aýda şähere 3 million 882 müň 348 syýahatçy geldi.

Aprel aýynda Stambulda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda Germaniýa 101 müň 352 syýahatçy bilen birinji orny eýeledi.

Sanawda Eýranda 88 müň 171 syýahatçy bilen ikinji, Russiýa 60 müň 44 syýahatçy bilen üçünji, Britaniýa hem 44 müň 696 syýahatçy bilen dördünji orny eýeledi.

Aprel aýynda Stambul şäherine Amerikadan 40 müň 716, Fransiýadan 37 müň 335, Ysraýyldan 34 müň 776, Gollandiýadan 26 müň 471, Özbegistandan 22 müň 530, Gazagystandan 20 müň 350, Italiaýdan 19 müň 619, Ispaniaýdan 19 müň 511, Yrakdan 19 müň 149 we Azerbaýjandan 16 müň 863 syýahatçy geldi.

Aprel aýynda Stambula 192 ýurtdan syýahatçy geldi.

 



Degişli Habarlar