Aýasofýada 88 Ýyl Soň İlkinji Gezek Tarawa Namazy Okaldy

Aýasofýa Kebir metjidi remezan aýynyň dowamynda 24 sagat açyk bolar.

1805964
Aýasofýada 88 Ýyl Soň İlkinji Gezek Tarawa Namazy Okaldy

Stambulda ýerleşýän Aýasofýa Kebir metjidinde 88 ýyl soň ilkinji gezek tarawa namazy okaldy.

“Zabt edilşigiň simwoly” hökmünde tanalýan we 86 ýyl soň ýaňadandan ybadata açylan metjitde, epidemiýa sebäpli 2 ýyldan bäri tarawa namazynyň okalmagyna rugsat berilmeýärdi.

Din işleri edarasynyň başlygy Ali Erbaşyň ýolbaşçylygynda 88 ýyl soň  şu ýyl Aýasofýa Kebir metjidinde ilkinji tarawa namazy okaldy.

Namazdan soň jemagat bilen birlikde doga eden Erbaş, halkyň remezan aýyny gutlady.

Aýasofýa Kebir metjidi remezan aýynyň dowamynda 24 sagat açyk bolar.



Degişli Habarlar