Şuşa Türk Dünýäsiniň Medeniýet Paýtagty Hökmünde Yglan Edildi

Sultanbaý Raýew hem 2022-2025-nji ýyllary öz içine alýan döwürde bir agyzdan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary wezipesine saýlandy.

1805339
Şuşa Türk Dünýäsiniň Medeniýet Paýtagty Hökmünde Yglan Edildi

Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdan daşary maslahatynda, Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagty hökmünde yglan edildi.

TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdan daşary maslahaty 2022-nji ýylda Türk dünýäsine paýtagtlyk eden Bursada geçirildi.

Maslahatda, Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň teklibine laýyklykda gurama agza ýurtlar tarapyndan taryhy we medeni baýlyklary bilen ýakyndan tanalýan Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeniýet paýtagty hökmünde yglan edildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, Ylym, sport we ýaşlar ministrliginiň teklibine laýyklykda Sultanbaý Raýew hem 2022-2025-nji ýyllary öz içine alýan döwürde bir agyzdan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary wezipesine saýlandy.



Degişli Habarlar