Hindistanyň Bilbili 92 Ýaşynda Aradan Çykdy

Düýn aradan çykan tanymal aýdymçy Mangeşkar üçin hindi hökümeti ýurtda iki günlük milli ýas yglan edipdi.

1774548
Hindistanyň Bilbili 92 Ýaşynda Aradan Çykdy

“Hindistanyň Bilbili” hökmünde ýakyndan tanalýan hindi aýdymçy Lata Mangeşkar 92 ýaşynda aradan çykdy.

Geçen aý koronirus ýokanjy bilen kesellän aýdymçy 28 gün öň öýkeniniň iriňländigi sebäpli hassahanada bejergi almaga başlapdy.

Düýn aradan çykan tanymal aýdymçy Mangeşkar üçin hindi hökümeti ýurtda iki günlük milli ýas yglan edipdi.

Meşhur aýdymçynyň jynazasyna Premýer-ministr Narendra Modiniň başda durmagynda syýasatçylar we Bolliwudyň ýyldyzlary gatnaşdy.

Premýer-ministr Modi, taryhda öçmejek yz galdyran tanymal aýdymçynyň geljek nesiller tarapyndan Hindistanyň medeniýetiniň görnükli wekili hökmünde ýatlanjakdygyny aýtdy.

Mangeşkar heniz 13 ýaşynda mahaly 1942-nji ýylda aýdym aýtmaga başlaýar we 70 ýylda 36 dilde 30 müňden gowrak adamy ýerine ýetirýär.



Degişli Habarlar