TOGG ulagy ABŞ-da tanyşdyryldy

Türkiýäniň global tehnologiýa brendi TOGG, dünýäniň iň uly sergileriniň biri bolan "Sarp ediji elektronika sergisi CES 2022"-de täzeliklerini we ilkinjilerini dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşdy

1757918
TOGG ulagy ABŞ-da tanyşdyryldy

ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 5-7 ýanwar aralygynda geçirilýän "Sarp ediji elektronika sergisi CES 2022"-ä gatnaşýan TOGG täzeliklerini we ilkinjilerini metbugat ýygnagynda dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşdy. 

TOGG-yň Baş direktory Gürjan Karakaş,  nusgawy ulag kärhanasy bolmandyklaryny belläp: "Özümizi tehnologiýa kärhanasy hökmünde häsýetlendirýäris. Şol sebäpli tehnologiýadaky soňky täzelikleriň we ilkinjileriň jemlenýän ýeri bolan CES 2022-ä geldik. Biz Gündogar bilen Günbataryň, akyl we duýgynyň bir ýerde duşuşan geografiýada esaslandyrylan, hereket meýdançasynda iş alyp barýan tehnologiýa kärhanasydyrys" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #tanyşdyrmak , #ulag , #TOGG

Degişli Habarlar