2022-nji Ýylda Kuşadasynda 650 Kruiz Gämisi Geler

“Ýüzýän myhmanhana” hökmünde bilinýän kruiz gämileri Kuşadasyna gelmäge başlady.

1736408
2022-nji Ýylda Kuşadasynda 650 Kruiz Gämisi Geler

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kuşadasyna 2022-nji ýylda 650 kruiz gämisi bilen 750 müň syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy girizilen çäklendirmeleriň ortadan aýrylmagy bilen birlikde Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna gelýän syýahatçylaryň we kruiz gämileriniň sany artmaga başlady.

“Ýüzýän myhmanhana” hökmünde bilinýän kruiz gämileri Kuşadasyna gelmäge başlady.

Epidemiýa etabyndaky arakesmeden soň ilkinji kruiz gämisi Kuşadasyna oktýabr aýynda geldi.

Ir säher porta gelen syýahatçylar gadymy Efes şäherine, Bibi Merýemiň öýüne baryp görýär we şäher merkezinden sowgatlyk alýar.



Degişli Habarlar