Yrakdan Alynyp Gidilen 17 Müň Taryhy Eser Yzyna Getirildi

Yrak bikanun ýollardan ýurduň daşyna çykarylan 17 müňden gowrak taryhy eseriň yzyna getirilendigini beýan etdi

1685331
Yrakdan Alynyp Gidilen 17 Müň Taryhy Eser Yzyna Getirildi

Yragyň Daşary işler ministri Fuat Hüseýin ABŞ-nyň 2003-nji ýyldaky hüjümleriniň dowamynda ýurtdaky muzeýlerden ogurlanan taryhy eserler hakynda beýannama berdi.

Hüseýin 2016-njy ýyldan bäri ozalky ýyllarda muzeýlerde edilen talaňçylykdan soň bikanun ýollardan ýurduň daşyna alynyp gidilen 17,338 taryhy eseriň tapylandygyny aýtdy.

Yragyň Medeniýet ministri şol taryhy eserlerden 17,312 sanysynyň ABŞ-dan, 9 sanysynyň Ýaponiýadan, 7 sanysynyň Gollandiýadan we 1 sanysynyň İtaliýadan ýurda getirilendigini mälim etdi.

2003-nji ýylda ABŞ-nyň Yraga guran hüjüminiň dowamynda Bagdadyň başda durmagynda ýurduň dürli welaýatlaryndaky ençeme muzeý talanypdy.

Bagdatdaky muzeý 12 ýyl soň 2015-njy ýylda ýaňadandan açylypdy.



Degişli Habarlar