Ukrainanyň Medeniýet ministri: "Türkiýäniň tejribesini durmuşa geçirmek isleýäris" diýdi

Ýanyndaky wekiliýet bilen Aspendos gadymy şäherine gezelenç eden Tkaçenko, Antalýada netijeli maslahat geçirendiklerini habar berdi

1630052
Ukrainanyň Medeniýet ministri: "Türkiýäniň tejribesini durmuşa geçirmek isleýäris" diýdi

Ukrainanyň Medeniýet we maglumatlar syýasaty ministri Oleksandr Tkaçenko, Howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy programmasy bilen baglanşykly, Türkiýäniň tejribesini öwrenip, ýurdunda durmuşa geçirmek isleýändiklerini habar berdi. 

Ukrainanyň Turistleriň hukuklary we syýahatçylyk howpsuzlygy iş toparynyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Antalýa gelen Tkaçenko, Howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy programmasy bilen bagly işleri ýakyndan gözegçilik etdi. 

Ýanyndaky wekiliýet bilen Aspendos gadymy şäherine gezelenç eden Tkaçenko, Antalýada netijeli maslahat geçirendiklerini habar berdi. 

Maslahat bilen Türkiýedäki syýahatçylyk pudagynda görülen öňüni alyş çäreleri ýakyndan gözegçilik etmäge mümkinçilikleriniň bolandygyny aýdan Tkaçenko: "Howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy programmasy hakykatdan hem örän üýtgeşik bir maksatnama, bu ugurda Türkiýäniň tejribesinden peýdalanyp, öwrenip, ýurdumyzda durmuşa geçirmek isleýäris" diýip aýan etdi. 

Tkaçenko Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan sanjym işleriniň hem syýahatçylyk taýdan örän möhümdigini beýan etdi. 

Esasan hem syýahatçylyk pudagynda işleýän adamlara sanjym edilmeginiň nusga alynjak bir gollanmadygyny aýdan Tkaçenko: "Pudakda işleýän işgärleriň sanjym edilmekleriniň saýasynda Ukrainadan Türkiýä geljek syýahatçylaryň sany artar" diýip mälim etdi. 

Tkaçenko syýahatçylaryň Türkiýä gelmegi üçin hem işleriň alynyp barylýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar